Saud Arabystany bir gezeklik giriş wizalarynyň möhletini uzaldýar

17:1312.11.2022
0
32783

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri bir gezeklik wizanyň möhletini üç aýa çenli ýokarlandyrar. Bu barada «Saudi Gazette» habar berýär.

— Saud Arabystanynyň Ministrler Geňeşiniň bu Karary syýahat maksatlary üçin bir gezeklik myhmanlar wizasyna degişlidir — diýlip, habarda aýdylýar.

Şu wagta çenli bu görnüşli giriş resminamasy bir aý möhlet bilen berilse, 90 günlük rugsatnama diňe birnäçe wagtlyk giriş wizasyna berilýär.

Tranzit wizalarynda galmagyň möhleti hem tölegsiz 96 sagada çenli uzaldyldy. Tranzit resminamalary üç aý dowam eder.

2019-njy ýylyň 27-nji sentýabryndan bäri Saud Arabystany daşary ýurt raýatlary, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin syýahatçylyk wizalaryny hödürledi. Wiza almak üçin Saud Arabystanynyň diplomatik wekilhanalarynyň birine öňünden ýüz tutmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň