Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi

11:1512.11.2022
0
20453

Bu barada 11-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hasabatynda aýdyldy.

Habar berlişi ýaly, mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän, şu açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek we düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyna barabar bolan önümhana daşary ýurtlaryň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Önümhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde 70-den gowrak täze iş orunlary dörediler.

Kaolin Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleriň birnäçesinde, hususan-da, keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Önümhanada öndürilýän önümi içerki bazarda ýerlemek hem-de daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak babatdaky meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, kuwwatly senagat toplumyny, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän gurluşyk senagatyny döretmek, ugurdaş düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýe, munuň özi zerur çig mal binýadynyň bolmagyny şertlendirýär. Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, wise-premýer Ç.Purçekowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň