Soňky habarlar

Arhiw

«Ilat ýazuwy—2022» Türkmenistanda ilkinji sanly ilat ýazuwy bolar

13:5702.11.2022
0
15132

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 17—27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Munuň özi Türkmenistanda ilkinji sanly ilat ýazuwy bolar.

2022-nji ýyldaky ilat ýazuwy «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda geçer.

Şu günler Statistika baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýakyn wagtda geçiriljek bu köpçülikleýin çäre barada raýatlara SMS habarnamasyny iberdi. Şol bir wagtyň özünde, ýakyn wagtda milli ähmiýetli çäre barada maglumat bermek işine ýurduň telewideniýesi we radiosy hem goşuldy. Türkmen teleýaýlymlarynda jemgyýetçilik hyzmatlarynyň bildirişlerinde ilat ýazuwy wagtynda aşakdaky maglumatlaryň ýygnaljakdygy aýdylýar:

— Ýaşaýyş jaýy we ýaşaýyş jaýy baradaky maglumatlar
— Ýaşaýyş jaýynyň gurlan senesi
— Otaglaryň sany
— Jaýyň eýeçiliginiň görnüşi
— Gaz, suw, tok we internet bilen üpjünçiligi
— Jaýda ýaşaýanlaryň sany,
— Jaýda ýaşaýanlaryň jynsy, ýaşy, maşgala ýagdaýy, bilim derejesi we beýlekiler.

Toplanan maglumatlar Türkmenistanda öndürilen ýörite planşetlere giriziler. Ilat ýazuwyny sanlylaşdyrmak, onuň ykjamlygyny we takyklygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, UNFPA Türkmenistanyň hökümetine zerur enjamlary — güýçli kompýuterleri, serwerleri satyn almaga kömek etdi. Bu döwrebap enjamlar planşetlerdäki maglumatlaryň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi maglumatlar goruna awtomatik ýagdaýda girmegine mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň