Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada «Türkmenistanyň medeni mirasy: etnografiki nukdaýnazar» atly tegelek stol geçiriler

19:5431.10.2022
0
15828

2-nji noýabrda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkeziniň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň medeni mirasy: etnografik nukdaýnazar» atly tegelek stol geçiriler.

Bu çäräni gurnaýjylar bolup Gündogar edebiýaty merkezi, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa instituty hem-de Moskwadaky türkmen medeni jemgyýeti çykyş edýärler.

Tegelek stoluň çäginde Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa instituty tarapyndan neşir edilen «Türkmenleriň etnografiýasy» atly kitaplaryň toplumyny hödürlemek meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda Aşgabatly etnograf we suratkeş Alekseý Dolgowyň «Däbe öwrülen türkmen senetleri» eseri, türkmen halkynyň etnografiýasy boýunça meşhur hünärmen Sergeý Demidowyň iki eseri, şeýle hem «Halklar we medeniýetler» seriýasyna degişli «Türkmenler» toplumlaýyn k monografiýa bar» - diýip, Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň web sahypasy habar berýär.

Bu çärä türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen meşgullanýan öňdebaryjy rus etnologlary, gündogary öwrenijiler-türkologlar gatnaşarlar. Sankt-Peterburgyň alymlary hem wideo baglanyşygy arkaly bu foruma goşularlar.

Tegelek stoluň dowamynda «Türkmenler» monografiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň