Braziliýanyň öňki Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň baştutany wezipesine geçen saýlawlarda tas 2 million ses tapawudy bilen öňki Prezident Žair Bolsonarudan saýlanmagy başardy, muňa saýlaw býulletenleriniň 99,1 göteriminiň öwrenilmeginiň netijesi güwä geçdi diýip, «Trend» düýn TASS habarlar gullugyna salgylanyp habar berdi.
Munuň öňüsyrasy Bolsonaru öňdeligi saklan hem bolsa, Lula da Silwanyň barha aratapawudy ynamly gysgaldanlygy aýdylýar, muňa, esasan, ýurduň demirgazyk-gündogar ştatlarynyň saýlawçylarynyň sesleri mümkinçilik berdi, ol ýerlerde däp bolşy ýaly, sosialistlere ses berýärler.
Saýlawlara gatnaşyk 80 göterime deň boldy, saýlaw uçastoklaryna 32 milliona golaý adam barmady diýlip, habarda bellenýär.