Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda Respublikanyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy

11:0731.10.2022
0
20643

29-njy oktýabrda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral dabaraly kabul edişlik geçirdi. Çäre Türkiýe Respublikanyň döredilmeginiň 99 ýyllygyna bagyşlandy.

Dabaraly kabul edişlige Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan esasy myhman hökmünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Hökümetara Türkmen-Türk Ykdysady Hyzmatdaşlyk Komissiýasynyň egindeş başlygy Batyr Atdaýew gatnaşdy.

Dabaraly çäre Ilçi Togan Oralyň baýramçylyk çykyşy bilen başlandy. Ol öz çykyşynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 99 ýyllygyny uly şatlyk-şowhun bilen bellemäge şatdygyny hem-de geljek ýyl Respublikanyň 100 ýyllygyny hem ýokary derejede bellemäge umyt edýändigini aýtdy. Soňra bolsa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Respublikanyň güni mynasybetli Ýüzlenmesini dabara gatnaşyjylara ýetirdi.

Ilçi iki arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden we Aşgabatda ilkinji bolup ilçihanasyny esaslandyran ýurduň ilçisi hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hormatyny beýan etdi we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary şu günki derejä ýetirmekdäki uly goldawlary we öňdengörüjilik üçin hoşallygyny bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň