Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alabaýlary çeper beýan etmek bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

14:2830.10.2022
0
18891
Alabaýlary çeper beýan etmek bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
Surat: tdh.gov.tm

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň hem jemi jemlenildi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bu gaýduwsyz we akylly itiň eýeleýän ornuny görkezmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, halyçylar, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar, neşirýat işiniň hünärmenleri, teleoperatorlar tarapyndan bäsleşige alabaýlara bagyşlanan işleriň birnäçesi hödürlenildi. Şol eserlerde alabaýyň çydamlylyk, gaýduwsyzlyk, eýesine wepalylyk, ynamlylyk, onuň bilen şatlygyny hem-de gynanjyny paýlaşmaga taýýarlyk, maşgala agzalarynyň ählisine hoşniýetli garaýyş ýaly ajaýyp häsiýetleri çeper görnüşde beýan edildi. Şunda her bir eser öz öwüşgini we täsinligi bilen tapawutlanyp, iň oňat işler görnüşlere laýyklykda saýlanyp alyndy.

Şunlukda, eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi Amanmyrat Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Myratberdi Jumaýew «Türkmen alabaýy» atly nakgaşçylyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Serdar Jumaýew «Edermen türkmen alabaýy» atly heýkel eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam kafedrasynyň halyçylyk sungaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Gutlyýew «Türkmen alabaýlary kalendary» atly neşir işi; Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça bölümçesiniň serkerdesi, podpolkownik Şöhrat Garýagdyýew «Türkmen alabaýy» atly wideoşekili bilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň