GDA ýurtlarynyň II oýunlary 2023-nji ýylda Belarusda geçiriler

20:1428.10.2022
0
22181

Şu gün Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Belarusyň Premýer-ministriniň orunbasary Igor Petrişenko Belarusyň GDA ýurtlarynyň II oýunlaryny geçirmäge doly taýýardygyny aýtdy diýip, Kazinform habar berdi.

— GDA-nyň çäkleri saýlama sporty ösdürmek, sport ätiýaçlygygyny taýýarlamak we sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik berýär — diýip, Igor Petrişenko öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem ol GDA ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmegi bu meseläni çözmegiň usullarynyň biri hökmünde görkezdi hem-de I oýunlaryň 2021-nji ýylda Kazanda üstünlikli geçirilendigini nygtady.

«GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Geňeşiniň mejlisinde II oýunlary 2023-nji ýylda Belarus Respublikasynda geçirmek barada ylalaşylyp, karar kabul edildi» diýip, Premýer-ministr aýtdy.

GDA ýurtlarynyň II oýunlaryny 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyndan 14-nji awgusty aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň