Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «SOCAR» kompaniýasynyň wekilhanasy açylar

16:3428.10.2022
0
31984

Azerbaýjanyň «SOCAR» döwlet nebit kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Bu barada «SOCAR» kompaniýasynyň baş edarasynyň Ylym we tehnologiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Emin Alekperow Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» halkara nebitgaz forumynda habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, «SOCAR» kompaniýasy nebiti we gazy gözlemek, ösdürmek, öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň birnäçe ýurtda bilelikdäki kärhanalary we zawodlary, 10-dan gowrak ýurtda wekilhanalary, şahamçalary, Özbegistanda ýerleşýän we Şweýsariýada ýangyç guýulýan stansiýalar ulgamy bolan gözleg we dizaýn instituty bar.

«SOCAR»-yň prezidenti Röwşan Nejafyň türkmen tarapy bilen duşuşyk geçirendigini, şol ýerde tebigy baýlyklary daşamak, şeýle hem Türkmenistanda kompaniýanyň wekilhanasyny açmak meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny Alekperow belleýär.

Mundan ozal «SOCAR»-yň wise-prezidenti Elşad Nasirow «Dostluk» taslamasynyň çäginde Türkmenistanda kompaniýanyň şahamçasyny we wekilhanasyny açmak baradaky meýilnamalaryny hem paýlaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň