Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

21:5027.10.2022
0
26462
Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü bilen gürrüňdeş boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi, bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy hem-de Türkmenistanda bolmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady.

Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guramaçylyk meseleleri, maksatlary we wezipeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigatynyň bu özboluşly künjegi, sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologiýa abadançylygynyň saklanýandygynyň subutnamalarydyr. Şu nukdaýnazardan okuw sapagyny guramak üçin şu ýeriň seçilip alynmagy tötänden däldir.

Aşgabatda gurlan köp sanly täsin we özboluşly binagärlik desgalary barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda häzirki döwrüň gün tertibinde ileri tutulýan durnukly ösüşi, sagdyn durmuş kadalaryny we ilatyň ekologiýa medeniýetiniň ösdürilmegini üpjün edýän çäreleriň döwlet derejesinde yzygiderli geçirilýändigini, ýekşenbe gününde bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan alabaýyň hormatyna giň möçberli dabaralaryň ýaýbaňlandyryljakdygyny belledi.

— Saparyň dowamynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan, häzirki döwürde örän möhüm bolup durýan «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk durmuş-bilim çäresine öwrüljekdigine berk ynanýaryn. Öz tarapymyzdan bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli zerur bolan tagallalaryň ediljekdigini bellemek isleýärin — diýip, gürrüňdeşligiň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Aýdyn Türkgüjü Türkmenistanda 500 hünärmene niýetlenen bu giň möçberli okuw maslahatyny guramagy we oňa gatnaşmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny belläp, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagalla üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de merkeziň çäginde açyk asmanyň astynda geçiriljek okuw maslahatyna taýýarlygyň derejesi, onuň geçiriljek ýeri we maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň wajypdygy barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan bu ýerde 500 hünärmene niýetlenen okuw maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda edilen tagallalar barada habar berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde örän möhüm bolup durýan «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi hem-de iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylýan ýeriniň we bu ýerde bina ediljek suw çüwdürimleriniň hem-de gök zolaklaryň taslamalary görkezildi.

«Desgalaryň binagärlik aýratynlyklaryna, olaryň millilik derejesine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir» diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalara we çyzgylara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

— Ozallar Köpetdagyň gerişlerini garyň örtmeginiň gyşyň gelendigini, daglarda garyň eremeginiň bolsa ýazyň gelendigini aňladýandygy barada ata-babalarymyz aýdardylar. Emma soňky ýyllarda dünýäde howanyň üýtgemegi bilen düşýän ygalyň, garyň derejesi peseldi. Munuň üçin bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleriň bilelikdäki tagallalary zerur bolup durýar — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň