Täze Zelandiýanyň parlamentinde taryhda ilkinji gezek zenan deputatlaryň erkek kanun çykaryjylara garanda artandygy hasaba alyndy. Bu barada ýerli radioýaýlyma salgylanyp, «MIR 24» ýazýar.
Ýurduň liberal Leýboristler partiýasynyň wekili Soraýýa Peke-Meýson golaýda parlamentde kasam kabul etdi, ol öňki spiker Trewor Mallardy çalyşdy, netijede, Täze Zelandiýanyň kanun çykaryjy edarasynda 59 erkek we 60 zenan galdy.
«Bu gün diňe meniň üçin däl, eýsem, bütin Täze Zelandiýa üçin wajyp gündür» diýip, parlamentiň täze başlygy Peke-Meýson nygtady.
Şunlukda, Täze Zelandiýa şu ýyl öz parlamentlerinde iň köp zenanlar işleýän ýurtlaryň sanawyna girer, şeýle ýurtlaryň hatarynda Kuba, Meksika, Nikaragua, Ruanda we Birleşen Arap Emirlikleri bar.