Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň täze ilçisini kabul etdi

21:4826.10.2022
0
22163
Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň täze ilçisini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ilki bilen, diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Gruziýanyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýär hem-de däp bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gruziýanyň doly ygtyýarly wekilini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de dostlukly döwletiň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, türkmen döwletini dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Gruziýa bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna Garaşsyz Türkmenistanyň ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de diplomat ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, BMG-niň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy. Söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ugurda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmakda bilelikdäki hökümetara toparyna uly ornuň degişlidigi bellenildi.

Türkmen-gruzin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamy duşuşykda ara alyp maslahatlaşmalaryň ýene bir meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de taraplaryň bähbitleriniň umumylygy Hazar we Gara deňiz sebitleriniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Energetika pudagy hem Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle-de özara gatnaşyklary we mümkinçilikleri pugtalandyrmak üçin köpýyllyk tejribä eýe bolan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň