Türkmenistanyň kubogy ― 2022: «Şagadam» «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňdi

21:5526.10.2022
0
22599

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda «Şagadam» öz meýdanynda «Aşgabady» 3:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 44-nji minutda Mekan Aşyrow, 58-nji minutda Kerim Hojaberdiýew, 73-nji minutda bolsa Yhlas Magtymow geçirdi.

Jogap duşuşygy 22-nji noýabrda bolar.

«Şagadam» «Aşgabady» paýtagtda hem ýeňip bilse, «Ahal» ― «Altyn asyr» jübütleriniň ýeňijisi bilen duşuşar. Final duşuşygy 11-nji dekabrda ― Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçiriler.

«Şagadamyň» Türkmenistanyň kubogynyň häzirki eýesidigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň