Soňky habarlar

Arhiw

Kerim Nuryýew «Bumprom» bilen hoşlaşdy

21:3726.10.2022
0
15216

Türkmenistanly ýarym goragçy Kerim Nuryýew Belarusdaky okuw möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Gomeliň «Bumprom» futbol topary bilen hoşlaşdy.

21 ýaşly futbolçy topara 2020-nji ýylda goşulypdy. Ol topar bilen 35 resmi duşuşyga gatnaşyp, 11 gezek tapawutlandy we 10 goluň assistini berdi.

«Bumprom» metbugat gullugynyň üsti bilen Kerim Nuryýewe geljekki karýerasynda hem üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň