Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara sergi öz işine başlady. Günüň ikinji ýarymynda bolsa bu ýerde ugurdaş halkara maslahatyň plenar mejlisi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.
Indi 27-nji gezek geçirilýän bu iri nebitgaz forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Ol energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebitleýin dialogy berkitmäge, Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge bagyşlandy.
Ýeri gelende bellesek, şu gezekki çärä daşary ýurtlardan 100-den gowrak wekil gatnaşýar. Myhmanlar dünýäniň 45 döwletinden kompaniýalaryň 200-den köpüsine wekilçilik edýärler. Şolaryň hatarynda daşary ýurtly bilermenler, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň, degişli kompaniýalaryň wekilleri bar. Şeýle-de gyzyklanma bildirýän taraplara maslahata onlaýn usulda goşulmak mümkinçiligi döredildi.
Şu günki sergä «SOCAR», «CNPC», «Gaffney Cline», «Schlumberger», «Dragon Oil», «Mitro International», «Areti International Group», «Buried Hill», «ENI Turkmenistan Limited», «Yug-Neftegaz Private Limited», «Haldor Topsoe», «Chalyk Energy», «Mitsubishi Corporation», «Siemens Energy LLC», «Sumitomo Corporation Europe Ltd» ýaly energetika ugurly kompaniýalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Sergi diwarlyklarynda ýöriteleşdirilen düzümleriň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarydyr hödürleýän döwrebap hyzmatlary giňden açylyp görkezilýär. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahaty we sergini halkara habarlar giňişliginde şöhlelendirmek üçin öňdebaryjy media gulluklarynyň 30-dan gowragyndan žurnalistleriň 40-a golaýynyň hasaba alynmagy bolsa nobatdaky foruma gyzyklanmalaryň uludygyna şaýatlyk edýär.
Günüň ikinji ýarymynda geçiriljek halkara maslahatyň esasy mowzugy energetika pudagynda durnukly ösüş boýunça dialoga we nebitgaz senagatyna göni maýa goýumlary çekmäge bagyşlanan hem bolsa, onda howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler baradaky pikir alyşmalara-da giň orun berler.