Enjamlaryň we aksessuarlaryň internet-dükany «Mobile tm» zarýad beriji enjamlary we akkumulýatorlary hödürleýär

10:1226.10.2022
0
22503

«Mobile tm» ykjam telefonlaryň we goşmaça enjamlaryň onlaýn-dükanynda smartfonlar hem-de planşetler üçin akkumulýatorlaryň we zarýad beriji enjamlaryň baý görnüşleri hödürlenýär.

Dükanyň internet-sahypalaryndaky «Akkumulýatorlar» bölüminde her bir adam öz enjamy üçin «Xiaomi», «Candy», «Apple», «Moxom» ýaly öndürijileriň dürli modifikasiýaly we kuwwatlykly power-banklary saýlap biler. Power-banklar syýahatda ýa-da işde, haçan-da ykjam enjamyňyza gyssagly zarýad bermeli bolan ýagdaýyňyzda, tok çeşmesiniň welin elýeterli däl pursatlarynda örän amatlydyr.

Mundan başga-da, «Mobile tm» dükanynda ykjam telefonlar bilen bir hatarda, radiotelefonlar üçin hem akkumulýatorlary, şeýle hem dürli enjamlar üçin akkumulýator arkaly zarýad alýan batareýleri amatly bahalardan satyn alyp bilersiňiz.

Saýtda bellige alnanyňyzdan soňra söwdany resmileşdirip bilersiňiz. Dükan harydy Aşgabat boýunça hem-de welaýatlara eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. 5000 manatdan başlanýan sargytlar edilende, eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar, ondan pes nyrhlar üçin eltip bermegiň tölegi bellenen nokada görä kesgitlenýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň