«Mobile tm» internet-dükanynda öýler üçin «akylly» enjamlar ýetirilýär

13:5420.10.2022
0
12136

«Mobile tm» internet-dükany gajetleri we elektron enjamlary halaýanlara öýlerini «akylly» gurşawa öwürmegi hödürleýär. Öýleriň köpugurlaýyn häsiýetini üpjün etmäge elektron termostatlar, dürli görnüşli datçikler, simsiz ulgamlar we beýleki enjamlar ukyplydyr.

«Akylly» enjamlar bolup, siziň gündelik durmuş mümkinçilikleriňizi örän ýeňilleşdirip biljek ýokary derejeli enjamlar bilen tanyş edýäris.

Awtomatik induksion suw tygşytlaýjy datçik ýa-da Xiaomi Xiaoda Smart Faucet «akylly» krany.

Bu energiýa tygşytlaýjy suw guýujy ulgam rakowinalar üçin suw geçirmeýän krandyr.

Öz-özüni gulplamak funksiýasy rakowinanyň dolmagynyň öňüni alyp bilýär we adaty kran bilen deňeşdirilende suwuň sarp edilişini 30% -den gowrak tygşytlaýar. Micro USB giriş porty bolan ykjam ululykdaky enjam güýçlendi.

Zarýad beriş wagty bolsa 3 sagada deňdir.

Daşyndan adaty oda çalym edýän Highway Home Fireplace ultrases howa tämizleýji.

Bu enjam otagyň atmosferasyny çyglylyk bilen üpjün edip, lampa görnüşindäki goşmaça funksiýasy jaýy ýagtyldýar. Gurak howanyň bedene, şeýle hem öý enjamlaryna we mebellere ýaramaz täsir edip biljekdigini göz öňünde tutup, çyglylygyň sazlaşykly saklanylmagy esasynda saglyk bilen baglanyşykly kynçylyklaryň öňüni almaga we gurak howanyň ýapyk şertlerde ýaramaz täsirine garşy göreşmäge kömek eder.

Unitaz üçin infragyzyl düwme.

Infragyzyl datçik bilen enjamlaşdyrylan sensorly enjam eliňi degirmezden ýuwmaga ýardam berýär. Magnit meýdanyny döredýän datçigiň çägine el uzadylan mahalynda enjam awtomatiki usulda işledilýär.

«Uzyn el» köpugurly pyrlanýan maýyşgak saklaýjy.

Planşetler, smartfonlar, MP3 we beýleki enjamlar üçin niýetlenen 360 gradus aýlanýan saklaýjy smartfonda film görmek, aýdym diňlemek we enjamy islendik ýerde dürli maksatlar üçin peýdalanmakda amatlydyr.

Öýler üçin niýetlenen şu we beýleki «akylly» enjamlary satyn almak üçin «Mobile tm» internet dükanyndan sargyt etmek bolýar. Eltip berme hyzmaty Aşgabat şäheriniň çägine we welaýatlara ýerine ýetirilýär.

  • Telefon belgileri: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90;
  • IMO hasaby: (+993 65) 80 90 90;
  • Web saýty: mobile.com.tm.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň