Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny satyn alar

15:2125.10.2022
0
39978

Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alar. Muny Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Şerzod Asadow mälim etdi diýip, «Uzdaily» habar berýär.

Asadow Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana eden sapary wagtynda ýurtlaryň elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşandygyny aýtdy. Hususan-da, Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny satyn alar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Gyrgyzystana hem 2 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny eksport etmegi barada şertnama gol çekilmegine garaşylýar. Türkmen elektrik energiýasynyň Gyrgyzystana eksporty Özbegistanyň üsti bilen amala aşyrylar. Häzirki wagtda Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda bu barada degişli şertnama taýýarlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň