Türkmenistan 2023-nji ýylda Gyrgyzystana 2 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny eksport eder

12:5107.10.2022
0
26700

12-14-nji oktýabr aralygynda Gyrgyzystanyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolar. Saparyň çäklerinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Gyrgyzystana 2 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny eksport etmegi barada şertnama gol çekilmegine garaşylýar. Gyrgyz internet neşirleriniň habar bermegine görä, bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministri Taaýlaýbek Ibraýew Jogorku Kengeşiň ýygnagynda mälim etdi.

Türkmen elektrik energiýasynyň Gyrgyzystana eksporty Özbegistanyň üsti bilen amala aşyrylar. Häzirki wagtda Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda bu barada degişli şertnama taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, Gyrgyzystan geljek ýylda Gazagystandan hem 600 million kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, Gyrgyzystan 2023-nji ýylda jemi möçberi 2,6 milliard kWt sagada barabar bolan elektrik energiýasyny import eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň