Soňky habarlar

Arhiw

Halkara guramalar Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň edarasynyň işine we mümkinçiliklerine baha bermek üçin çäreler geçirdi

17:2124.10.2022
0
19609

Şu ýylyň 3 — 15-nji oktýabry aralygynda ýörite döredilen topar Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň işiniň mümkinçiliklerine baha berdi.

Ýörite toparyň düzümine BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary kommissarynyň wekilleri, Milli hukuk goraýjy edaralaryň Aziýa-Ýuwaş umman Forumynyň agzasy — Mongoliýanyň adam hukuklary boýunça milli topary girdi.

Baha bermek Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň iş ýagdaýyny kesgitlemek we adam hukuklaryny goramak ýörelgelerini has netijeli durmuşa geçirmek üçin teklipler düzmek maksady bilen geçirildi.

Baha bermek üçin düzülen topar saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Daşary işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Adalatçynyň diwanynyň, beýleki degişli ministrliklerdir edaralaryň, Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň jemgyýetçilik birleşikleriniň we dolandyryş gulluklarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler.

Toparyň duşuşyklarynyň we degişli agzalar bilen geçiren söhbetdeşlikleriniň netijesinde, Adalatçynyň diwanynyň ýerine ýetirýän işine, häzirki ýagdaýyna, şeýle-de onuň ornuny, wezipe ygtyýarlyklaryny geljek 3 — 5 ýylda ýokarlandyrmak boýunça mümkinçiliklere serediler.

Saparyň netijesinde, ýörite topar taýýarlan teklipleri baradaky hasabaty Adalatçynyň diwanynyň garamagyna hödürlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň