Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işleri dowam etdirmek maksady bilen, media ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, şol sanda hyzmatdaşlygyň ugurdaş şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli teklipler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda degişli Ähtnamalara hem-de Ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ençemesi bilen gatnaşyklary alyp barýarlar. Şeýle-de goňşy we dünýäniň beýleki döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek teklip edilýär.
Hasabatda aýdylyşy ýaly, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, oňyn başlangyçlaryny, ýurtda bolup geçýän möhüm wakalary, amala aşyrylýan iri taslamalary, türkmen halkynyň baý medeniýetini giňden şöhlelendirmek hem möhüm ugur bolup durýar. Şunda dünýäniň media giňişliginde ulanylýan iň täze usullary öwrenmek we olary milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine ornaşdyrmak derwaýys hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmek, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sebit we halkara teleýaýlymlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halkara habarlar giňişligine goşulyşmagynyň, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Bu ulgamda alnyp barylýan işleriň milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine öňdebaryjy sanly multimedia tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilmelidigi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam etmelidigi barada aýdyp, döwlet Baştutany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň media giňişliginde mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtady hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.