Turkmenportal logo
20.10.22
1479714797
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Noýabrda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berler
Noýabrda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berler

Noýabr aýynda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2022/2023-nji ýyllaryndaky möwsümine badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýew «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda aýtdy.


Milli çempionata toparlaryň 8-si gatnaşar. Olar Içeri işler ministrliginiň «Galkan», şol Ministrligiň institutynyň «Nesil», Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir», Harby institutyň «Watançy», «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan», Döwlet serhet gullugynyň «Merdana», Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Alp Arslan» hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlerine degişli sport mekdebiniň «Bürgüt» hokkeý toparlarydyr.


Çempionatyň duşuşyklary Aşgabatdaky «Galkan» we Gyşky sport toplumlarynda geçiriler.