17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Leýla Fazleýewa bilen duşuşdy. Duşuşyk Tatarystan Respublikasynyň Hökümet binasynda geçirildi diýip, tatar elektron neşirleri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport ýaly pudaklaryň birnäçesine degişli bilelikdäki çäreleriň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine hem seredilip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň baş konsuly we Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň çäginde geljekde iki tarapdan hem gyzyklanma bildirilýän şu aşakdaky bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyga geldiler:
- 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek dizaýnerleriň Halkara dialogyna ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna 2019-njy ýylda goşulan Kazan şäherinden dizaýnerleriň gatnaşdyrylmagy;
- «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Kazanyň sirkindäki çykyşyny guramak;
- 2023-nji ýylda Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günlerini geçirimek;
- Türkmen eserleriniň birnäçesiniň tatar diline terjime etmek;
- Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri guramaçylykly geçirmek;
- Tatarystanly moda dizaýnerleriniň milli öwüşginde, döwrebap usullary ulanmak arkaly taýýarlan türkmen lybaslary bilen tanyşdyrylyş çäresini guramak;
- Kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk, bilelikde kiçi we uly göwrümli filmleri düşürmek we olaryň dürli kinofestiwallara gatnaşdyrylmagyny üpjün etmek;
- Türkmen we tatar dilçi alymlarynyň özara işlerine ýardam bermek.