Resmi taýdan wezipesine girişen Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona ynanç hatyny gowşurdy. Kabul edişlik 13-nji oktýabrda Pariždäki Ýeliseý köşgünde geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Türkmen diplomaty Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly sözlerini, Türkmenistanyň halkyna bolsa özüniň parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada bellenildi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maksat Çaryýewiň Türkmenistanyň Fransiýadaky (Pariž) ilçisi wezipesine bellenilmegi baradaky Karara 2022-nji ýylyň iýulynda gol çekdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Karary bilen oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diplomatik derejesi berildi.