Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň wekilleri Somalide açlyk howpy barada biynjalyk bolýarlar

16:2317.10.2022
0
13734
BMG-niň wekilleri Somalide açlyk howpy barada biynjalyk bolýarlar
Surat: news.un.org

Somalide bäş ýaşa çenli çagalaryň 1,8 milliony ýiti iýmit ýetmezçiligine uçrap bilerler. Muňa howanyň üýtgemegi, energiýa ýetmezçiligi we azygyň hem-de dökünleriň nyrhynyň gymmatlamagy sebäp bolýar. Bütindünýä azyk maksatnamasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýylyň başyndan bäri dünýäde açlyk çekýänleriň sany 63 million artyp, 345 milliona ýetdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleriniň pikiriçe, öňdäki üç aýyň dowamynda doýagarna naharlanmazlyk Somaliniň ilatynyň azyndan 41 göterimine galtaşyp biler. Düýn bellenen Bütindünýä azyk gününde Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) guramasynyň wekilleri bu sebite üns çekmek islediler.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Somalidäki wekili Etýen Peterşmitt: «Biz haýyr-sahawat heläkçiliginiň yglan edilmegine garaşyp, el gowşuryp oturmaly däldiris, giç bolmanka hereket etmegimiz gerek. 2011-nji ýylda Gündogar Afrikada açlykdan 260 müň adam heläk boldy. Açlyk barada resmi yglan edilmegine çenli olaryň ýarysy eýýäm pida boldy» diýýär.

Geçen ýylyň noýabryndan bäri Somali adatdan daşary guraklykdan ejir çekýär, milliondan gowrak adam klimatiki bosgunlyga ýüz urdy. Açlyk, esasan, ýurduň günorta we merkezi etraplaryna howp salýar. Arassa içimlik suwuň ýetmezçiligi merginiň we gyzamygyň ýaýramak howpuny artdyrýar.

«Häzirki guraklyk biziň soňky kyrk ýylda ýüzbe-ýüz bolan iň agyr guraklygymyzdyr. Ondan 8 million adam ejir çekdi, bu ýurduň ilatynyň ýarpy bölegi diýmekdir» diýip, Etýen Peterşmitt gürrüň berýär.

«Oxfam» halkara bileleşiginde ýylyň aýagyna çenli Günorta Afrikada her 36 sekuntda bir adamyň açlykdan heläk boljakdygyny aýdýarlar. Somaliden başga-da ýagdaý Keniýada, Efiopiýada, Günorta Sudanda we beýleki ýurtlarda barha ýitileşýär. Bu barada «Euronews.com» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň