Şu ýyl habar beriş tehnologiýalaryna çykdajylar 5 trillion dollardan geçer

11:4407.05.2024
0
8910
Şu ýyl habar beriş tehnologiýalaryna çykdajylar 5 trillion dollardan geçer
Surat: gazeta.ru

2024-nji ýylda habar beriş tehnologiýalaryna çykdajylar 5,06 trillion dollara deň bolar. Bu barada ABŞ-daky «Gartner» seljeriş kompaniýasyna salgylanýan «Kommersant» gazeti habar berdi.

Geçen ýyl HT üçin dünýäde çykdajylar 3,8 göterim artyp, 4,7 trln dollary düzdi. Bu ýyl çykdajylar 8 göterim ýokarlanyp, 5,06 trln dollara ýeter diýlip garaşylýar.

Şunda esasy serişdeler aragatnaşyga sarp ediler, ol 1,6 trln dollara deň bolar. Ikinji orunda HT-hyzmatlar, serişdeler 1,5 trln dollar. Üçünji orunda 1 trln dollardan hem köp serişde sarp ediljek programma üpjünçiligi durýar.

Habar beriş tehnologiýalaryna degişli bolan enjamlara dünýä çykdajylary 688 mlrd dollara ýeter. Maglumatlary işleýiş merkezleri üçin çykdajylar 260 mlrd dollara deň bolar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň