Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we giňeltmekden ybaratdyr. Şol goňşy ýurtlaryň hatarynda Türkmenistanyň giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurdy — Özbegistan Respublikasy bar.
Özbek tarapy bilen bilelikde, saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda ýola goýlan bu hoşniýetli däpler mynasyp dowam edip, mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan köptaraplaýyn esasda-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Ýokary, Hökümet we pudaklaýyn derejedäki yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, onuň uly, köptaraplaýyn mümkinçiliginiň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutany ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, olaryň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.
Belläp geçsek, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparynyň çäklerinde, iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda, Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň hem dabaraly açylyşyna garaşylýar.