Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Türkmenistandan gaz importyny ýylda 1,5 milliard kub metre çenli artdyrmaga taýýar

16:0015.10.2022
0
30688

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Türkmenistandan gaz importyny artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

«Biz gaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegine seredip geçdik. Geçen ýyl bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça üstünlikli ylalaşyklary gazanmagy başardyk. «QazaqGaz» we «Türkmengaz» kompaniýalary türkmen gazyny import etmek boýunça şertnamalary baglaşdylar» diýip, Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyndaky giňişleýin düzümdäki mejlisden soň geçirilen brifingde belledi.

Gazagystanyň döwlet Baştutany bu taslamany durmuşa geçirmekde şahsy goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

«Biz uzak möhletleýin şertnama baglaşmak isleýäris we gaz importynyň mukdaryny ýylda 1,5 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmaga taýýardyrys. Gazagystan Türkmenistanyň esasy energiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga, tejribe alyşmaga, gazy gaýtadan işlemek we gaz himiýasy pudagynda özara peýdaly taslamalary ösdürmäge taýýardyr» diýip, Tokaýew sözüniň üstüne goşdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri «Akorda» köşgünde duşuşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäginde 14 resminama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň