Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň taryhy ähmiýetlidigini belledi

10:5815.10.2022
0
17373
Tokaýew Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň taryhy ähmiýetlidigini belledi
Surat: akorda.kz

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Akorda» köşgünde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag sözi bilen ýüzlendi.

«Siziň saparyňyz taryhy ähmiýete eýe. Edil ýaňy dar düzümdäki duşuşykda biz hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegiň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Gün tertibindäki meselelere oňyn garaýşyňyz üçin sagbolsun aýdýaryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky ähli çemeleşmeleriňize we pikirleriňize oňyn baha berýärin» diýip, Tokaýew «Akorda» köşgünde geçirilen giňişleýin mejlisde aýtdy.

Tokaýew Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň taryhy taýdan ähmiýetlidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň