Top.Mail.Ru

Daşary ýurtly senetçiler türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar

13:1314.10.2022
0
24190

Şu gün daşary ýurtly senetçileriň «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde türkmenistanly kärdeşleri bilen geçiren ussatlyk dördijilik duşuşygy şol bir wagtyň özünde ussatlyk sapagyna hem öwrüldi.

Halkara festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen gaýry döwletli myhmanlaryň türkmen senetçileriniň işine bolan gyzyklanmasyny görmegiň özi hem guwandyryjy. Gökdepeli telpek ussasy Kakamyrat Harazow gazagystanly tahýa tikýän ussa Soltan Tilegiň öz işleri bilen aýratyn gyzyklanandygyny, käbir gaýry ýurtly myhmanlaryň telpek sowgat alyp gidendiklerini gürrüň berýär. Eýranly nakgaş Golbahar Haýatiniň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Hezret Annagulyýewiň ýasaýan küýzeleriniň biriniň daşyna nagyş çekýän, zenan myhmanlaryň birnäçesiniň bäherdenli halyçy Aýsenem Myradowa bilen haly, saýatly kilimçi Bahar Öwezowa bilen kilim dokan pursatlaryny hem tolgunman synlamak mümkin däl.

Saz gurallarynyň ýanyndaky dabaralar has şowhunly boldy. Eýranly saz gurallaryny ýasaýjy ussa Esmail Owsandiniň daşoguzly ussalar tarapyndan ýasalan gargy we dilli tüýdükleri, halaçly ussanyň ýasan dutaryny, faraply ussalaryň elinden çykan deprekleri çalmaga eden synanyşyklaryny, gör, näçe adam guwanyp synlady. Käbir daşary ýurtly myhmanlaryň egnini türkmen milli lybaslary bezedi. Biziň ildeşlerimiziň hem daşary ýurtly kärdeşleriniň işleri bilen gyzyklanmasy uly boldy. Pikir alyşmalar, tejribe paýlaşmalar, elbetde, her bir söhbetdeşligiň özenini düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň