Türkmenabatda halkara festiwalyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

16:2013.10.2022
0
33463

Şu gün «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan senetçiligi öwrenmek we ýaýratmak babatda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatda çykyş eden festiwala gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri halk senetçiligini ösdürmek, şeýle hem halkara sergi çärelerini guramak boýunça tejribe alyşdylar.

Kitaphananyň çäklerinde türkmen medeniýetine bagyşlanan kitaplaryň we suratly neşirleriň sergisi açyldy. Myhmanlary gadymy saz guraly bolan tüýdükde saz çalýan sazandalar, şeýle hem dünýäniň dürli dillerinde goşgy okaýan Türkmenabat şäheriniň ýaş ýaşaýjylary garşy aldylar.

Halkara foruma gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda medeni pudagyň wekilleriniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Latwiýanyň we Koreýa Respublikasynyň sungat işgärleriniň, ussalarynyň bardygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň