Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň döwlet Baştutanlary Astanadaky sammitde 16 sany resminama gol çekdiler

13:3015.10.2022
0
9893

Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde Arkalaşygyň çäginde söwda, ykdysady, medeni, ynsanperwer ulgamlarda, howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilenen resminamalaryň 16-sy kabul edildi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda:

— 2023-nji ýylda Arkalaşygyň nobatdaky sammitini Bişkek şäherinde geçirmek hakynda;

— Sergeý Lebedewiň GDA-nyň Baş sekretary wezipesine 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan üç ýyl möhlet bilen bellemek hakynda;

— GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda;

— GDA-nyň agza döwletleriniň Parlamentar mejlisiniň Arkalaşygyň ösüşindäki roly barada;

— GDA-nyň çäginde rus dilini ösdürmek barada halkara guramasyny döretmek hakynda;

— Arkalaşygyň çäginde 2024-nji ýyly Meýletinçiler hereketiniň ýyly, 2025-nji ýyly Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy we dostlugyň ýyly, 2026-njy ýyly Saglygy goramaklygyň ýyly diýip yglan etmek hakynda;

— GDA agza ýurtlaryň saýlaw guramalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşini döretmek barada;

— GDA agza ýurtlaryň korrupsiýa garşy göreşde hyzmatdaşlygy barada;

— GDA agza döwletleriň 2023 – 2025-nji ýyllarda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamasy hakynda;

— Erkin söwda hyzmatlary, maýa goýum işini ýola goýmak we esaslandyrmak boýunça ylalaşygyň meýilnamasyny taýýarlamak hakynda;

— Sankt-Peterburg şäherini 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakynda;

— Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynda GDA-nyň synçy derejesiniň berilmegi hakynda;

— GDA-nyň Adam hukuklary boýunça komissiýasy hakynda;

— «Mir» döwletara teleýaýlym we radio kompaniýasynyň başlygy Radik Batyrşine GDA-nyň diplomyny gowşurmak barada;

— Medeni ulgamda GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet Baştutanlarynyň resmi Beýannamasy hakynda;

— Daşky gurşawy goramak ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet Baştutanlarynyň resmi Beýannamasy hakynda resminamalar bar.

Bu sammit GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň pandemiýadan soňky ilkinji gezek doly düzümde geçirilen sammiti boldy.

Bu çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň liderleri, şeýle hem Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy — GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň