Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda karlik agaçlaryny ýetişdirmäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

15:5609.10.2022
0
28669

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde karlik agaçlary ýetişdirmeklige bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berdi.

Däbe öwrülen her hepdede geçirilýän çärä uniwersitetiň mugallymlarydyr talyplary, paýtagtymyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň gyzyklanýan wekilleri, ugurdaş hünärmenler we ýerli telekeçiler gatnaşdylar.

Duşuşykda ýurdumyzyň telekeçileri miweli, hususan-da, miweli has takygy, karlik agaçlary ýetişdirmekdäki tejribeleriň barada gürrüň berdiler. Ösümliklere ideg etmekde möwsümleýin oba hojalyk işleri, bol hasyl almak üçin ulanylýan agrotehnologiýalar babatda tejribelere jikme-jik ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýerli oba hojalyk önümlerini öndürijiler häzirki döwrüň ylmy bilen aýakdaş gitmek we oba hojalygyna innowasion usullary ornaşdyrmak üçin ençeme tagallalar görülýär, ähli zerur çäreler geçirilýär diýip nygtadylar. Esasy maksat – ýurdumyzyň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök-miwe önümleri bilen üpjün etmek.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy, «Güneşli miwe» HJ-niň wekili Rahym Ataýew alma, armyt, ülje ýaly karlik agaçlaryň ýetişdirilişi barada gürrüň berdi. Ol çykyşynda ýerli telekeçileriň Türkiýeden getiren baglarynyň ýokary hasylly görnüşleri, olara ideg etmek, hasylyny ýitgisiz ýygnamak we saklamak usullary barada aýtdy.

TSTB-niň agzasy, telekeçi Nurýagdy Pirliýew ýerli toprak-klimat şertlerinde badam agaçlaryny ýetişdirmekdäki tejribesi barada gürrüň berdi. Ol daragtlara ideg etmegiň usullary we aýratynlyklary, bol hasyl almagyň ýollary barada aýtdy.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde az meýdanda ýetişdirilýän baglardan gysga wagtda hasyl alyp, has gowy haýyr görülýändigi üçin Türkmenistanda miweli pessejik baglaryň giňden ýaýramagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Miweli pessejik baglaryň dünýäde uly meşhurlyga eýedigi bellenildi, bu bolsa olaryň artykmaçlyklary bilen düşündirilýär, olaryň arasynda – ideginiň aňsatlygy, gelşikliigi we göze geliwliligi, bol miwe getirişi we ýokary hasyllygy ýaly häsiýetleri bar. Biziň güneşli şertlerimizde ýetişdirilýän miweler Ýewropadakylardan has datly – diýip türkmen telekeçileri aýratyn nygtadylar.

Duşuşykda gyzykly täze ideýalar we duşuşygyň temasyndan gowy teklipler aýdyldy hem-de olara garaldy. Mundan başga-da, oňa gatnaşanlar indiki temany atyzlary sürmek we tekizlemek temasyna bagyşlamagy bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň