Turkmenportal logo
02.08.24
1056410564
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukaşenko aýlygy barada degişdi
Gazeta.ru

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko eýýäm bäş ýyldyr, aýlyk hakynyň köpeldilmeýändigini aýdyp degişdi. Onuň degişmesiniň wideoýazgysy resmi «Telegram»-sahypasynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


1-nji awgustda Lukaşenko kärhanalaryň hem-de Prezidentiň işlerini dolandyryjy ulgamyň edaralarynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy.


Prezidentiň işleri edarasynyň hasapçysyna baýrak gowşurýarka, Belarusyň döwlet Baştutany öz aýlyk haky barada degişdi. Ol ýylgyryp hasapça: "Nämüçin meniň aýlygymy köpeltmeýärsiňiz? Bäş ýyl bäri şol bir aýlyk" diýdi.