Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana syýahatçylyk bukjalarynyň sany takmynan 50% artdy

11:0130.07.2024
0
12776

Soňky döwürde Türkmenistanda operatorlar tarapyndan berilen daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk bukjalarynyň sany, takmynan, 50% ýokarlandy. Bu barada «Голос СНГ» neşiri habar berdi.

Degişli ösüş 2018 — 2020-nji ýyllara görä hasaba alyndy. Esasan hem taryhy ýerele toparlaýyn syýahatlara isleg bildirilýär.

Umuman aýdanyňda, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň hünärmenleriniň netijesine görä, syýahatçylyk boýunça Türkmenistan uly mümkinçilige eýe sebit hökmünde häsiýetlendirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly ýerlere syýahatçylaryň uly gyzyklanmasy hem muny subut edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän syýahatçylyk bukjalary häzirki wagtda Hytaýdan, ABŞ-dan, Günorta Amerikadan, Awstraliýadan, Ýewropa ýurtlaryndan we Russiýa Federasiýasyndan gelen syýahatçylaryň arasynda meşhurdyr. Şeýle gezelençlerde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň dürli ýerlerine syýahat guralýar. Şu ugurlar boýunça jahankeşdeler Ýüpek ýolunyň ähli gözel ýerlerini görmäge mümkinçilik alýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 130-a çenli syýahatçylyk kärhanalary hereket edýär. Çeşme Türkmenistanda syýahatçylygyň ösmeginiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» arkaly üpjün edilýändigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň