Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Delini çabga basdy

18:0602.08.2024
0
11797
Delini çabga basdy
Report

Hindistanyň paýtagtyna gije düşen güýçli çabga netijesinde şäheriň dürli böleklerini suw basdy. Bu barada «India TV» teleýaýlymyna salgylanýan «Report» ýazýar.

Bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde köçeler derýa dönüp akdy, ulaglaryň hereketi togtady. Ygalyň çakdanaşa köp düşmegi bilen baglylykda, Hindistanyň Meteorologik edarasy Deli şäherinde 24 sagatlyk howa howplulygynyň «gyzyl» derejesini yglan etdi.

Ýaşaýjylara öýlerinde galmak, gapydyr penjireleri ýapmak hem-de zerur bolmasa, saparlardan saklanmak maslahat berildi. Onlarça raýat öz öýleriniň tutuşlygyna ýa-da diwarlarynyň ýykylandygy barada polisiýa ýüz tutdy.

Paýtagtyň Gazipur etrabynda 22 ýaşly zenan çagasy bilen ýapda gark boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň