Ýaponiýa futzal boýunça Aziýanyň kubogyna mynasyp boldy

12:4009.10.2022
0
27524

Futzal boýunça Kuweýtde geçirilýän 16-njy Aziýa Kubogynyň finaly tamamlandy.

Habar berşimiz ýaly, finalda Eýranyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndylary duşuşdylar.

Ýaponiýanyň ýygyndysy ýarym finalda Özbegistanyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Eýranyň ýygyndysy bolsa ýarym finalda Tailandyň ýygyndysyny 5:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, finalda Ýaponiýa 3:2 hasabynda Eýranyň ýygyndysyny utdy.

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk Özbegistan bilen Tailandyň arasynda geçirilip, özbek ýygyndysy 8:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň