Nobel baýragynyň geňeşi edebiýat ugry boýunça täze ýeňijini yglan etdi, ol fransuz ýazyjy zenany Anni Ernodyr. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Baýragyň geňeşi ýazyjy zenanyň «üzňeleşmegiň we şahsy hakydanyň köpçülikleýin çäklendirilmeginiň asyl köklerini açyp görkezmekdäki batyrgaýlygy we ötgürligi üçin» baýraga mynasyp görlendigini habar berdi.
Anni Erno 1940-njy ýylda doguldy, Normandiýanyň Iwto atly kiçeňräk şäherjiginde ösüp-ösdi. Onuň galamyna 30-dan gowrak eser degişlidir. Olaryň iň bellisi «Basyp alma» (2002) atly eseridir.
Geçen ýyl Nobel baýragyna tanzaniýaly ýazyjy Abdulrazak Gurna mynasyp boldy.