Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-e gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi

02:0008.10.2022
0
16251

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyryndaky soňky duşuşygyny geçirdi. Iordaniýanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk 3:3 hasabynda deňlikde tamamlandy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Denis Titow (7-nji hem-de 47-nji minutlar) bilen Enwer Annaýew (84-nji minut, 11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandylar. Oýun gününiň ikinji duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndy topary siriýaly garşydaşlarynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň üçüsini geçirmegi başardy.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 5 utuk toplan ýetginjekler ýygyndymyz çykyş edýän toparçasynda üçünji orny eýeleýär. Hersi üç duşuşykdan geçiren Ýaponiýanyň (9 utuk) hem-de Iordaniýanyň (5 utuk) ýetginjekler ýygyndylary degişlilikde birinji, ikinji orunlary eýeleýärler.

Saýlama tapgyrynda “A” toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparlaryň (U17) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyryna saýlama ýaryşyndaky toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri bilen ikinji ýer alan ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň bäşisi çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň