Soňky habarlar

Arhiw

«Belawia» awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrjak gatnawlarynyň peteklerini satuwa çykardy

20:1807.10.2022
0
59781
«Belawia» awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrjak gatnawlarynyň peteklerini satuwa çykardy

Belarussiýanyň «Belawia» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda Minsk — Türkmenbaşy — Minsk yzygiderli gatnawlar üçin petekleriň satuwyny ýola goýdy.

Awiakompaniýanyň resmi web saýtynda berilýän habara görä, degişli ugur boýunça yzygiderli gatnaw 25-nji oktýabrda ýola goýlar we hepdede bir gezek, sişenbe güni amala aşyrylar.

2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, uçuşlar her iki hepdede bir gezek, sişenbe güni amala aşyrylar.

Uçuşlaryň birtaraplaýyn petekleriniň iň pes bahasy 299 ýewro, ikitaraplaýyn petegiň bahasy bolsa 520 ýewro (Smart nyrh meýilnamasy boýunça) deň bolar.

Gatnawyň uçarlary Minsk şäherinden sagat 22:40-da howa galarlar we ýerli wagt bilen 04:45-de Türkmenbaşy howa menziline gonarlar. Yzyna gaýdyş gatnawy bolsa 05:45-de Türkmenbaşydan ugrap, sagat 08:05-de Minske barar.

«Belawia» awiakompaniýanyň uçuşlary üçin petekleri www.belavia.by web sahypasyndan, şeýle-de iOS we Android programmalary arkaly ähli satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz.

Ýeri gelende bellesek, Belarussiýanyň raýatlaryna Türkmenistana girmek üçin wizanyň gerekdigini ýatladýarys.

Mundan ozal, Belarussiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, «Belawia» awiakompaniýanyň Minsk — Türkmenbaşy şäherleriniň aralygyndaky yzygiderli gatnawlary gaýtadan dikeldendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň