Turkmenportal logo
07.10.22
112380112380
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistanda ähli uçuşlary üçin petek satuwlaryny ýola goýdy
S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistanda ähli uçuşlary üçin petek satuwlaryny ýola goýdy

S7 Airlines awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy we yzyna göni uçuşlar üçin howa petekleriniň satuwyny ýola goýdy. Yzygiderli uçuşlar 17-nji oktýabrda başlar we hepdede bir gezek — duşenbe güni amala aşyrylar.


Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri Aşgabatdaky S7 Airlines awiakompaniýasynyň ofisinden satyn alyp bilersiňiz: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 174-nji jaý (birinji gat). Ofis duşenbe — anna günleri 09:00-dan 18:00-a çenli (13:00-dan 14:00-a çenli arakesme) açykdyr. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312210592; +99312210593.


S7 Airlines awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin petekleri www.s7.ru internet sahypasyndan we iPhone we Android goşundylary arkaly onlaýn görnüşinde satyn alyp bolýar.


Uçar Moskwadan sagat 03:30-da uçup, ýerli wagt bilen 09:05-de Türkmenbaşy howa menziline gonar. Yzyna boljak uçuşlar sagat 10:05-de bolup, Moskwada wagt tapawudy bilen 11:35-de gonar. Uçuşyň dowamlylygy 3,5 sagat bolar.


S7 Airlines — Russiýanyň iň uly hususy awiakompaniýasydyr. Awiakompaniýanyň, Moskwada (Domodedowo) we Nowosibirskde (Tolmaçewo) howa ulag merkezleriniň esasynda gurlan içerki ugurlaryň giň ulgamy bar.