S7 Airlines Türkmenbaşa uçjaklar üçin petekleriň satuwyny ýola goýdy

14:5107.10.2022
0
60876

S7 Airlines awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Moskwa ― Türkmenbaşy ― Moskwa aralygyndaky uçuşyň peteklerini satyp başlady.

17-nji oktýabrda başlanjak uçuşlar hepdede bir gezek, diňe duşenbe güni amala aşyrylar ― diýip, awiakompaniýanyň resmi saýty habar berýär.

Şol gün Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine uçmak üçin ýolagçylaryň elgoşsuz petegiň bahasy 18 müň 756 rubl bolar. Ýolagçy elgoşlary bilen bilelikde 23 müň 845 rubl tölemeli bolar. Türkmenbaşy şäherinden Moskwa çenli uçuşyň bahasy elgoşsuz 20 müň 843, elgoşly 25 müň 929 rubl bolar.

Uçar Moskwa şäherinden 03:30-da ýola düşer we Türkmenbaşy şäherine 09:05-de gelip, 10:05-de hem ýene yzyna ýola düşer. Uçar Moskwa 11:35-de gaýdyp barar. Uçuşyň dowamlylygy 3,5 sagat bolar.

Awiakompaniýanyň peteklerini s7.ru saýty ýa-da bu saýtyň mobil goşundysy arkaly onlaýn görnüşde satyn alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň