Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylygyň medeniýeti» kluby açyldy

19:3606.10.2022
0
20054

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylygyň medeniýeti» klubynyň açylyş dabarasy geçirildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar berşi ýaly, bu klub ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty hem-de türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi tarapyndan bilelikde döredildi.

Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň medeniýeti» ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky klublarynyň ikinjisi bolup, ilkinji klub «Parahatçylygyň dilleri» ady bilen şu ýylyň iýul aýynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda döredilipdi.

ÝUNESKO-nyň klublarynyň döredilmeginiň esasy maksady ýaşlaryň arasynda döredijilik gözleglerini höweslendirmekden, olaryň ýurduň medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary «Parahatçylygyň medeniýeti» klubynyň işjeň agzalary bolmak bilen bir hatarda, ÝUNESKO-nyň ynsanperwer ýörelgelerini, parahatçylyk we özara düşünişmek baradaky pelsepelerini çuňlaşdyryp öwrenerler we olary köpçülige ýaýmakda iş alyp bararlar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rustemowa açylyş dabarasyna gatnaşyjylara ÝUNESKO-nyň klublarynyň wezipeleri we maksatlary barada gürrüň berdi. Klublaryň esasy wezipeleri medeniýetara aragatnaşygy, beýleki medeniýetlere hormat goýmagy, medeni we taryhy mirasy gorap saklamagy we daşky gurşawy goramagy öz içine alýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň