Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji ÝUNESKO kluby açyldy

11:4325.07.2022
0
6886

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa institutyň ýolbaşçy düzümi, mugallymlardyr talyplar, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzda ilkinji gezek döredilen bu klubuň maksatlarydyr wezipeleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa çykyş edip, klubuň esasy maksadynyň adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek maksady bilen, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekden ybaratdygyny belledi.

— «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO kluby Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ÝUNESKO-nyň ileri tutýan maksatlaryna eýerýän we olara gyzyklanma bildirýän talyplarynyňdyr mugallymlarynyň birleşmesi bolar. Olar gönüden-göni bu guramanyň alyp barýan işi bilen bagly çäreleri durmuşa geçirip, olary köpçülige wagyz etmek ugrunda tagalla ederler. Gyzyklanma bildirýän agzalary birleşdirmek, olarda sabyr-kanagatly aragatnaşygy, kommunikatiw ukyplary, medeniýetara başarnyklary döretmek we ösdürmek, mugallymlaryň döredijilik, ylmy gözleglerini höweslendirmek, talyplaryň ukyplaryny ýüze çykarmak üçin şertleri döretmek bolsa klubuň esasy wezipeleridir. ÝUNESKO ugurly özboluşly birleşmäni döretmek babatda bu bilim ojagynda köp işler alnyp baryldy. Şunda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan ähli zerur goldawlar berildi. Netijede, klubuň Tertipnamasynyň taslamasy işlenip düzüldi, onuň geňeşiniň düzümi tassyklanyldy we şu ýylyň ikinji ýarymy üçin iş meýilnamasy taýýarlanyldy — diýip, diplomat zenan ilkinji ÝUNESKO klubunyň talyp ýaşlaryň bilelikdäki tagallalaryny birleşdirýän dostluk, doganlyk, raýdaşlyk öýi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Institutyň mugallymy, «Parahatçylyk dilleri» ÝUNESKO klubunyň ýolbaşçysy Ogulsabyr Berdiýewa, öz gezeginde, bu birleşmäniň agzalary üçin halkara derejeli hünärmenleriň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň okuw sapaklarynyň geçiriljekdigini, ÝUNESKO-nyň halkara medeni, durmuş we bilim taslamalaryna gatnaşmakda ýaş zehinlere goldaw beriljekdigini buýsanç bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, klubuň agzalary ÝUNESKO-nyň esasy resminamalaryny öwrenmäge, dünýädäki beýleki ugurdaş klublar bilen aragatnaşyk saklamaga, dürli ýadygärliklere syýahat etmäge, gurama tarapyndan yglan edilen halkara ýyllaryň, bütindünýä hepdelikleridir günleriniň dabaralaryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň