Bu barada dostlukly döwletiň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Turatbek JUNUŞALIÝEW «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan söhbetdeşlikde ilçi ählumumy pandemiýa bilen bagly dörän ýagdaýlaryň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga öz täsirini ýetirendigini nygtady. Ilçiniň aýdyşy ýaly, wideoaragatnaşygyň ýüzbe-ýüz özara hereketleriň ýerini tutmaýandygy hem äşgär boldy.
«Muňa garamazdan, biziň geljekki meýilnamalarymyzda bu ugurdaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda taraplar özara Medeniýet günlerini we beýleki çäreleri guramak meseleleriniň üstünde işleýärler» diýip, ilçi alnyp barylýan işler barada habar berdi.