Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda 140-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy

11:1605.10.2022
0
16182
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda 140-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy
Surat: www.kz.mir24.tv

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberip, gazagystanly kärdeşine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk gazak halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlag hatynda häzirki döwre çenli Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we köp sanly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda 140-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylandygy, halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada bellenilýär.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen 30 ýylyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginler bilen ösdürilendigini we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de özara düşünişmek esaslarynda berk pugtalandyrylandygyny belleýär.

— Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, gazanylan ylalaşyklary biziň doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine amala aşyrmagy yzygiderli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gazak döwletiniň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewe ýollan gutlag hatynda nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň