Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:2605.10.2022
0
13220

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň açyklyk, hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgelerine esaslanylyp, işjeň ösdürilýändigini belledi hem-de soňky ýyllaryň dowamynda üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny aýratyn nygtady.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň halkara guramalaryň çäklerinde özara üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy, öňegidişligi we ykdysady ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşant goşýandyklaryny belläp, wagtyň synagyndan geçen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyz Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň