Soňky habarlar

Arhiw

«Yizumi» kompaniýasy plastikden önüm öndürijileriň halkara sergisine gatnaşar

09:0005.10.2022
0
16651

19 – 26-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde «K-Plastics & Rubber Exhibition» ady bilen plastmassalaryň we kauçuklaryň halkara sergisi geçiriler, oňa dünýäniň dürli künjeklerinden polimer önümlerini öndürijiler çagyrylýar.

Sergä gatnaşyjylaryň biri hem dünýäde iň iri plastik önümlerini galyplamak üçin enjamlary öndürijilileriň biri bolan Hytaýyň «Yizumi» kompaniýasy bolar. Türkmenistanda «Yizumi» kompaniýasynyň önümleri dürli pudaklarda senagat önümçiligini guramak üçin çözgütleri hödürleýän kompaniýanyň resmi wekiliniň işi bilen tanalýar: basyşly guýma maşynlar, ýokary tizlikli gaplaýyş ulgamlary we beýleki senagat enjamlary.

Dýusseldorfda geçirilýän serginiň çäklerinde plastmassa we kauçuk öndürmek üçin çig mallaryň dürli görnüşleri, kompozit materiallar, şeýle hem polimer önümlerinden önüm öndürmek üçin enjamlar tanyşdyrylar.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky salgysy: Aşgabat ş., Ostrowskiý köç., 30-njy jaý.

Telefon: (+993 64) 32 15 69, (+993 65) 53 61 72.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň