Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» «Energetigi» ýene ýeňip bilmedi

23:5704.10.2022
0
20951

«Energetik» «Şagadam» bilen möwsümde geçiren ikinji duşuşygynda hem utulmady. 12-nji tapgyryň çäginde Mary şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Iki toparyň arasynda birinji aýlawda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlanypdy.

Hatda, duşuşykda hasaby ilki bolup ýer eýeleri açdy. 19-njy minutda Serdar Annamämmedow «Energetigi» hasapda öňe çykardy. «Şagadam» bolsa bu ýagdaýa diňe 60-njy minutda Baýramgeldi Nurlyýewiň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen jogap berip bildi.

Bu deňlikden soň «Energetik» utugyny 8-e çykaryp, altynjy orundaky «Aşgabat» bilen aralygy 1 utuga çenli ýygyrdy. 12 duşuşykda 16 utuk toplan «Şagadam» bolsa dördünji orundaky «Köpetdaga» 2 utuga çenli ýakynlaşdy. Bu ýakynlygyň ykbaly şu gün «Köpetdag» bilen «Ahalyň» arasynda geçiriljek duşuşyga bagly bolar.

«Energetik» 13-nji tapgyryň çäginde 8-nji oktýabr güni «Nebitçiniň» myhmany bolar. «Şagadam» bolsa şol gün myhmançylykda ýaryş tertibindäki goňşusy «Köpetdag» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň