Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Merwi» ýekeje gol bilen ýeňdi

23:5904.10.2022
0
20821
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Merwi» ýekeje gol bilen ýeňdi

Rahman Myratberdiýewiň 32-nji minutda geçiren ýeke-täk pökgüsi «Altyn asyryň» 12-nji tapgyrda «Merwi» ýeňip, hasabyna ýene bir 3 utugy goşmagy üçin ýeterlik boldy.

Bu ýeňişden soňra «Altyn asyr» utugyny 27-ä çykaryp, «Ahal» bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy, «Merwden» bolsa 5 utuk arkaýynlaşdy. Bu gün «Ahal» «Köpetdagy» ýeňäýende hem «Altyn asyr», häzirlikçe, ikinji orunda arkaýyn oturyp biler.

13-nji tapgyrda 7-nji oktýabr güni «Altyn asyr» «Aşgabadyň» myhmany bolar. «Merw» bolsa 8-nji oktýabrda başga bir güýçli garşydaşyny ― «Ahaly» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň